Top Songs By Pälwan Halmyradow
Credits
AUSFÜHRENDE KÜNSTLER:INNEN
Pälwan Halmyradow
Künstler:in
KOMPOSITION UND LIEDTEXT
Pälwan Halmyradow
Komponist:in
Lyrics
Owgan topragyna ugranda ýigit
Gyz gözi ownujak hünjüden doldy
Owgan topragyna ugranda ýigit
Gyz gözi ownujak hünjüden doldy
Hoşlaşyk sözüni aýdanda ýigit
Uzak aýralygy ýadyna saldy
Hoşlaşyk sözüni aýdanda ýigit
Uzak aýralygy ýadyna saldy
Ýigdiň gidenine sekiz aý boldy
Gyz göwnüne başga bir hyýal geldi
Näçe ýyl geçsede belki dolanmaz
Ölüligi-diriligi bilinmez
Näçe ýyl geçsede belki dolanmaz
Ölüligi-diriligi bilinmez
Bir ýyl geçdi gyzdan ýeke hat geldi
Ol ilkinji hem-de soňky hat boldy
Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni?
Garşy almak miýesser edenok seni
Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni?
Garşy almak miýesser edenok seni
Ýigit haty okap çete saýlandy
Bolup geçen zatlar hakda oýlandy
Bu pikir oglany gaýga gidirdi
Oglan haty okap özün yitirdi
Bu pikir oglany gaýga gidirdi
Oglan haty okap özün yitirdi
Birje patron bilen awtomat aldy
Göwnüniň söýenje ýerine bardy
Ýary gije ýarag sesi ýaňlandy
Şeýdim ýaş esgeriň ömri soňlandy
Ýary gije ýarag sesi boldy
Şeýdim ýaş esgeriň ömri soňlandy
Ir bilen görseler bir esger ýatyr
Ýüzi ýeri garbap elinde haty
Ol hatyň içinde şeýle sözler bar
Söýgimde utuldym, bagyşla Nazar
Ol hatyň içinde şeýle sözler bar
Söýgimde utuldym, bagyşla Nazar
Ýigit ýatyr gara ýeriň astynda
Gyz hem gujak gerýär onuň üstünde
Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni?
Tä ölünçäm unutmaryn men seni
Bagyşlaý ezizim, bagyşlaý meni?
Tä ölünçäm unutmaryn men seni
Rugsat ber ezizim bile gideýin
Ýalňyşyma janym gurban edeýin
Ol haty ýazmadym gynamak üçin
Ýazdym söýgimizi synamak üçin
Ol haty ýazmadym gynamak üçin
Ýazdym söýgimizi synamak üçin
Ýazdym söýgimizi synamak üçin
Lyrics powered by www.musixmatch.com